JEMGYÝET

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysynyň Aşgabada sapary

2026-njy ýylyň 28-nji iyulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde вaşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygynyň ösýän ugur boýunça dowam edýändigini bellediler.

ÝTÖB-niň Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak ugruny goldaýandygy bellenildi, ol bolsa «ýaşyl» energetikanyň, sebitara özara baglanyşygyň ösdürilmegini hem-de ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny işjeň goldaýar. Türkmenistanda kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek ÝTÖB-niň ilkinji derejeli ugurlarynyň biridir.

Taraplar ulag-logistika düzümini ösdürmek we sebit ulag gecelgeleriniň öňe sürülmegine ýardam bermek boýunça geljegi uly taslamalara seretdiler, hususan-da, gürrüň Transhazar geçelgesi barada gitdi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçyasy Türkmenistanyň ykdysady özgertmeleriň yzygiderli geçirilmegine hem-de öňdebaryjy halkara tejribesiniň we maýa goýumlarynyň çekilmegine aýratyn gadyr goýýandygyny nygtady. Bu babatda milli we sebit derejesindäki ileri tutulýan maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegini goldandygy üçin ÝTÖB-ä minnetdarlyk bildirildi.

Öz gezeginde, Odil Reno-Basso Türkmenistanyň okgunly durmuş-ykdysady ösüşine ýokary baha berdi we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň netijeli gepleşikleri mundan beýläk-de dowam etdirmäge, şeýle hem täze institusional we düzümleýin taslamalara gatnaşmaga taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň soňunda taraplar işjeň özara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça takyk ädimleri kesgitlemäge özara ygrarlydyklaryny tassyklandylar.

Related posts

Bakanlar Kurulu’nun Genişletilmiş Toplantısı: Ocak-Mart ayları değerlendirildi

vepa

Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbi tutuldy

Ata Watan Eserleri

Taryhda iň köp satylan 10 awtoulag

vepa