Wasil Şaýhraziýew dört günlük iş sapary bilen Türkmenistana gelýär. Bu barada Tatarystanyň metbugat serişdeleri habar berýär.
Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Bütindünýä tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Wasil Şaýhraziýew dört günlük iş sapary bilen Türkmenistana gelýär. Saparyň maksady — sebitara hyzmatdaşlygy berkitmek we medeni gatnaşyklary ösdürmekdir. Saparyň maksatnamasyna Layyklykda, Tatarstanyň wekilleri ýurduň iki esasy şäherine — Aşgabat we Türkmenbaşy şäher-portuna baryp görerler.
Saparyň çäginde ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlaryny maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçiriler. Şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa we medeniýet ministri Gurbanmyrat Myradaliýew bilen iş duşuşygy meýilleşdirilýär.
Taraplar bilim, syýahatçylyk we taryhy mirasy gorap saklamak ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň geljegini maslahatlaşarlar. Maksatnama şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görmegi öz içine alýar.
30-njy iyulda Bütindünýä tatar kongresiniň Milli geňeşiniň başlygy Türkmenbaşy şäherine uçar. Ol ýerde birnäçe duşuşyklar göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Tatarstandan gelýän myhmanlar Hazar deňziniň ýakasyndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň mümkinçilikleri bilen tanyşarlar.
Sapar 31-nji iyulda tamamlanar.
