JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky täze şertnamalara gol çekdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde вaşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykdan soňra aşakdaky resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi, olaryň arasynda:

– Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ÝTÖB-niň 2027–2032-nji ýyllar aralygynda Türkmenistandaky işiniň esasy strategik ileri tutulýan ugurlary boýunça Özara düşünişmek hakynda ähtnama;

– Türkmenistanyň Merkezi banky bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda bank ulgamyny berkitmek we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň eksporta gönükdirilen ösüşini hem-de diwersifikasiýalaşdyrylmagyny goldamak boýunça strategik hyzmatdaşlyk hakynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama;

– Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň, «Türkmennebit» döwlet konserniniň, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda Türkmenistanda durnukly energetika, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak çygrynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama;

– Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Türkmenistanyň Awtomobil ýollary ministrliginiň we Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ulag geçelgelerini döwrebaplaşdyrmak we Türkmenistanyň üstaşyr geçirijilik kuwwatyny ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama;

– Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň arasynda ÝTÖB-niň «Ýaşyl şäherler» maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmek hakynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama.

Related posts

Türkmenistan ÝUNISEF-iň Şahadatnamasyna mynasyp

vepa

Aşgabatda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli dabaraly ýöriş başlandy

Türkmen-rus işewürlik forumy: sanlar we maglumatlar