JEMGYÝETSPORT

Rejepbaý Rejepow dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň agyr atletika sportunyň türgenlerinden Rejepbaý Rejepow Kolumbiýanyň Bogota şäherinde geçirilýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda kümüş medal gazandy. Ol 81 kilogram agramda çykyş edip, baýrakly orny eýeläp, Türkmenistana mynasyp wekilçilik etdi. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Rejepow umumylykda 366 kilogram agramy galdyryp, kümüş medaly gazandy. Ol 164 kilogram we 202 kilogram agyrlygy galdyrmagy başardy.

Bu agramda birinji orny Hytaýyň türgeni Li Dain, bürünç medaly bolsa günorta koreýaly Kim Wu Çže eýeledi.

Bu medal türkmen türgenleriniň bu dünýä çempionatyndaky ilkinji medalydyr.

Ýene-de bellemeli zat, Rejepbaý Rejepow 209 kilogram agramy galdyryp, dünýä rekordyny goýmagyň bäri ýanyndan gaýtdy. Oňa bu agramy götermek başartmady. Kümüş medaly eýesi bolan Rejepow beren beýanatynda rekord goýmagyň örän golaýlaşandygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Pyýada atly ahalteke bedewiniň heýkeliniň açylyş dabarasy boldy

Hankerwen – 2026-njy ýyl boýunça «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi»

Türkmenistan Kuweýt Döwletine ilçi belledi

Tegelek stol: Türkmenistan we Gruziýa – ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri

Hytaýda VI Aziýa kenarýaka oýunlaryna badalga berildi

Türkmenistan Hazar deňziniň ekologiýasy boýunça ýokary derejeli duşuşygy meýilleşdirýär