SPORT

Messi Amerikanyň Çempionlar ligasynda kuboksyz galdy

Argentin ýyldyz Lionel Messiniň düzüminde oýnaýan “Inter Maýami” topary Demirgazyk, Merkezi Amerikanyň we Karib deňzi basseýniniň ýurtlarynyň Futbol Konfederasiýasynyň (KONKAKAF) gurnaýan ýaryşynda 1/4 finalda Meksikanyň “Monterreý” toparyndan ýeňildi.

Duşuşyk 3:1 hasabynda Meksikanyň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Lionel Messi öz toparynyň golunyň pasyny berdi, Žordi alba bolsa gyzyl kart alyp, meýdançadan çykaryldy.

Bu toparlaryň birinji duşuşygynda hem “Inter Maýami” topary 2:1 hasabynda utulypdy.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy