SPORT

Katardaky dünýä çempionatynyň tertibi mälim edildi

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Katarda 2022-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň tertibini çap etdi. Senenama guramanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi.

Dünýä çempionatynyň açylyş duşuşygy 21-nji noýabrda El-Haur şäherinde geçiriler. Bu duşuşykda ýer eýeleri Kataryň milli ýygyndysy oýnar. Topardaky oýunlar 2-nji dekabra çenli dowam eder. 1/8 final duşuşyklary 3-6-njy dekabr, ¼ final duşuşyklary 9-10-njy dekabrda, ½ final duşuşyklary 13-14-nji dekabrda geçiriler.

Üçünji orun üçin duşuşyk 17-nji dekabrda Doha şäherindäki “Halifa” stadionyndan geçiriler. Final duşuşygy 18-nji dekabrda Lusaile şäheriniň adybir stadionynda bolar.

Futbol çempionatynyň petekleriniň satuwynyň birinji tapgyry 2020-nji ýylyň ahyrynda başlanar. Katardaky çempionat ýurduň 7 şäherindäki 8 stadionda geçiriler.

Ýene-de okaň

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar

Türkmenistan Bakuwda geçiriljek ýaşlaryň dünýä çempionatyna gatnaşar