SPORT

“Porto” toparynyň 29-njy çempionlygy

Öz meýdançasynda “Sporting” toparyny 2:0 hasabynda utan “Porto” topary 29-njy çempionlygyny gazandy. Portugaliýanyň futbol boýunça milli çempionatynyň 32-nji tapgyrynda “Porto” topary çempion boldy.

“Porto” topary özüniň esasy bäsdeşlerinden biri bolan “Sporting” toparyny 64-nji minutda Danilo Pereiranyň hem-de 90-njy minutda Moussa Mareganyň gollary bilen 2:0 hasabynda utdy. Bu netije bilen çempionatyň tamamlanmagyna 2 hepde galandygyna garamazdan, ikinji orundaky “Benfika” topary bilen aratapawudy 8 utuga ýetiren “Porto” topary çempionatdaky 29-njy çempionlygyny yglan etdi.

“Porto” topary çempionatdaky 29-njy çempionlygyny yglan edendigine garamazdan, onuň esasy bäsdeş “Benfika” topary 37 gezek çempion boldy.

 

Related posts

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

Duşuşyk başyna gol geçirip bilmedik hüjümçiler

Ata Watan Eserleri