SPORT

Enrike Sereso: “Eger Messi Suares bilen bilelikde oýnasa, ähli zadyň alajy tapylar”

“Atletika” futbol toparynyň prezidenti Enrike Sereso Luis Suaresiň topara gelmegi hem-de Diýego Kostanyň geljegi hakynda gürrüň berdi. Ol bu meseleler boýunça şulary belläp geçdi:

– Durmuşda nämedir bir zat isleseň alajyny tapmagyň mümkinçiligi bar. Eger Messi Luis bilen bir meýdançada oýnamagy islese, ähli zadyň alajyny tapyp bolar. Suaresiň transferi boýunça gepleşikler ýokary derejede geçdi. Bartomeu – ajaýyp dost we gowy ynsan. Häzirki wagtda “Barselona”-da işler öwerlikli däl. Emma ol näme etmeli bolsa şony artygy bilen berjaý etdi. Transferi amala aşyrmak kyn düşmedi. Ol özüniň islegindäki futbol toparyna geçdi. Diýego Kosta – “Atletika” üçin gerekli futbolçy. Häli möwsüm uzak dowam eder. Onuň kömegi toparymyz üçin derwaýysdyr. Toparyň düzüminde başga özgeriş bolmaz diýip pikir edýärin. Kawani barada gürrüň gidende, Suaresden tapawutlylykda onuň bilen ýagdaý başgaçarakdyr. Edinson bolsa fantastik futbolçy. Emma onuň bilen wakalaryň yzygiderliligi garaşylan netijäni bermedi”.

Enrike Seresonyň bu sözlerini “Mundo Deportivo” neşiri habar berýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Luis Suaresiň “Barselona” futbol toparyny terk etmeginde Lionel Messi toparyň ýolbaşçy düzümini tankyt edipdi.

 

Toýly Muhammetdurdyýew

Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

“Aston Willa” taryhynda ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň kubogyny gazandy

Eýranyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna Antalyada taýýarlanýar

Ata Watan Eserleri

“Arsenal” topary 22 ýyldan soňra Angliýanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo özüniň 6-njy dünýä çempionatyna gatnaşar

Robert Lewandowskiniň «Kamp Nou» stadionynda «Barselona» bilen hoşlaşygy

Habi Alonso «Çelsi» toparynyň baş tälimçisi boldy