SPORT

Futbol täzelikleri: PSŽ finalda

Russiýanyñ Olimp kubogyny almak üçin 1/4 finalynda “Açylyş arena” stadionynda “Spartak” bilen SSKA toparlary duşuşdylar. Oýun örän ýokary derejede geçirildi we gyzykly boldy. Oýnuñ 4-nji minutynda “Spartagyñ” oýunçysy Bakaýew  ilkinji goly geçirdi. “Spartak” toparyndan 14-nji minutda Ponse tapawutlanmagy başardy. “Spartagyñ” hasapdaky artykmaçlygy garşydaşy SSKA toparyny hiç hili ýagdaýda ruhdan düşürmedi we oýnuñ 17-nji minutynda SSKA-nyñ oýunçysy Diweýew jogap topuny geçirmegi başardy. 45-nji minutda SSKA-ly Ahmetow deñlik goluny geçirip, toparyny has hem ruhlandyrdy. 90 minudyñ ahyrky netijesi 2-2 deñlik bilen tamamlandy, toparlar 30 minutlyk goşmaça wagt oýnamaly boldular. 107-nji minutda “Spartagyñ” oýunçysy Larsson, SSKA toparynyň derwezesine 3-nji goly gönükdirip, toparyna wajyp ýeñşi gazandyrdy.

***

Fransiýanyñ kubogyny almak üçin ýarym final duşuşygy geçirildi. Oýun “Lýon” futbol toparynyñ meýdançasynda geçirildi. Oýunda ilkinji bolup 11-nji minutda “Lýon” toparynyñ oýunçysy Terrier hasaby açdy, hatda bu duşuşykda “Lýonyñ” ýeñiş gazanmagyna garaşylýardy. Durşuna ýyldyzlardan düzülen PSŽ topary ýeñilmek barada pikir etmedi. 14-nji minutda K.Mbappe hasaby deñledi. 64-nji minutda Neýmar penaltidan dürs peýdalanyp hasaby 2-1 çykardy. Ýene-de K.Mbappe 70-nji minutda  gol geçirdi. 81-nji minutda P.Sarabia hasaby artdyrdy. Ahyrky 5-nji topy 90+2 minutda K.Mbappe geçirip, bu oýunda öz adyna hettrigi ýazdyrmagy başardy. Şeýlelikde PSŽ futbol topary “Lýon” futbol toparyny 5-1 hasaby bilen ýeñmegi başardy we kubok ýaryşynda final çykdy.

Related posts

Habib ýylyň üstünlikli türgeni

Ata Watan Eserleri

Pariždäki Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji altyn medalyny Hytaý gazandy

Ata Watan Eserleri

Messi ABŞ-nyň meşhur türgeni boldy