SPORT

14-nji oktýabrda Türkmenistan Şri-Lankany kabul eder

14-nji oktýabrda Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň “D” toparçasynyň wekilleri Türkmenistanyň hem-de Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparlarynyň arasynda duşuşyk geçiriler.

“D” toparçanyň dördünji tapgyrynyň çägindäki oýun 14-nji oktýabrda Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk «Arkadag» stadionynda geçiriler. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 18:45-de başlanar.

Bu duşuşygyň öňüsyrasy, 13-nji oktýabrda ýygyndy toparlaryň tälimçileridir, oýunçylary bilen metbugat ýygnanyşygy geçiriler.

Şri-Lankanyň milli ýygyndy toparynyň resmi wekilleri bilen geçiriljek metbugat ýygnanyşygy 11:30-da, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň resmi wekilleri bilen guraljak metbugat ýygnanyşygy bolsa 11:45-de başlanar. Metbugat ýygnanyşyklarynyň ikisi hem “Arçabil” myhmanhanasynyň konferens zalynda guralar.

Metbugat ýygnanyşyklarynyň öňüsyrasy bellige almak üçin öňünden ýüz tutan žurnalistlere akkreditasiýa kartlary gowşurylar.

Related posts

“Arkadag” topary AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady