TEHNOLOGIÝA

“Apple” kompaniýasy Hindistanda 14 milliard dollarlyk önüm öndürdi

“Apple” kompaniýasy 2023-2024-nji maliýe ýylynda Hindistanda “iPhone” smartfonlaryň önümçiligini artdyryp, onuň möçbeirni 14 milliard dollara ýetirdi. Bu barada “Bloomberg” neşiri habar berýär.

2022-2023-nji ýylda kompaniýaysnyň Hindistandaky kärhanasynda 6 milliard dollarlyk dürli tehnolgik enjamlaryň önümçiligi amala aşyrylypdy.

Neşiriň maglumatyna görä, “Apple” geçen maliýe ýylynda “iPhone” telefonlarynyň 14 göterimini Hindistanda öndürdi.

“Apple” kompaniýasy birnäçe ýyldan bäri Hindistandaky önümçiligini ösdürýär. 2017-nji ýylda “iPhone SE” telefony ýygnalypdy. 2020-nji ýylda Bangolaryň golaýyndaky önümçiliginde “iPhone SE-2020” telefonlaryň önümçiligi ýola goýlupdyr.

Çaklamalara görä, 2025-nji ýylda “Apple” kompaniýasy “iPhone” kysymly telefonlarynyň dörtden biri Hindistanda öndürmegi maksat edinýär.

Related posts

Emeli aňyň mümkinçilikleri

Ata Watan Eserleri

“Clubhouse” indi Android üçin hem elýeterli bolar

“Facebook” adyny üýtgedýär