BIZNES

Ahal, Balkan we Mary welaýatlarynyň demirýol stansiýalary döwrebaplaşdyrylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew ýurdumyzyň demirýol stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde habar berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, ýurdumyzyň raýatlaryna döwrebap hyzmat etmek, şeýle hem demirýol pudagynyň işgärleriniň iş şertlerini gowulandyrmak üçin amala aşyrylýan işler barada habar berildi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Ahal, Balkan we Mary welaýatlaryndaky demirýol stansiýalaryny döwrebaplaşdyrmak işlerini geçirmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

 

Related posts

«Toyota» Türkiýäniň ikinji uly eksportçysy boldy

Ata Watan Eserleri

Birža täzelikleri: owgan işewürleri el halylaryny satyn aldy

TOPH gaz geçirijisiniň Owganystandaky hereket meýilnamasy maslahatlaşyldy