SPORT

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

59 ýaşly Ýurgen Klopp Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ýerli köpçülikleýin habar serişdeleri Germaniýanyň Futbol Assosiasiýasyna (DFB) salgylanyp habar berýärler.

“Maýnz 05”, Dortmundyň “Borussiýa” we “Liwerpul” klublaryna üstünlikli tälimçilık eden Klopp, milli ýygyndynyň dünýä çempionatynda şowsuz çykyş etmeginden soň wezipesinden boşadylan Ýulian Nagelsmannyň ornuna geçdi.

Germaniýa 1/16 final tapgyrynda Paragwaýdan 11 metrlik jerime urgularyndan soňra utulyp, ýaryşy tamamlapdy.

Klopp Maýndaky Frankfurtda ýerleşýän DFB-niň ştab-kwartirasynda 2030-njy ýyla çenli şertnama gol çekdi. Şeýlelikde, Çempionlar ligasynyň ýeňijisi we iki gezek dünýäniň iň gowy tälimçisi diýen ada eýe bolan hünärmen 2028-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda we 2030-njy ýylyň dünýä çempionatynda milli ýygynda ýolbaşçylyk eder.

Klopp Germaniýanyň taryhynda milli ýygyndynyň 13-nji tälimçisi boldy.

Ýene-de okaň

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi

Dünýä çempionaty-2026: ýatda galan gyzykly maglumatlar