Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň dowamynda BMG-niň bu ýöriteleşdirilen düzümi bilen özara gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumyna garaldy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalary kesgitlenildi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alyp baran işleriniň jemleri we şu ýyl üçin meýilnamada bellenen wezipeler baradaky maglumatlar diňlenildi.
Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründe ÝUNESKO-nyň baş hem-de sebitleýin edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri bilen sebit we halkara hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri boýunça sanly ulgam arkaly jemi 11 sany gepleşik geçirildi. Ýurdumyzyň wekilleri ÝUNESKO tarapyndan guralan geňeşmelerdir okuw maslahatlarynyň 10-dan gowragyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň bilim ministriniň şu ýylyň 25-nji martynda ÝUNESKO-nyň Parižde ýerleşýän ştab-kwartirasynda Bilimiň ösüşine gözegçilik boýunça ählumumy hasabatyň tanyşdyrylyşynyň çäklerinde geçirilen çärelere gatnaşmagy hem-de guramanyň ýolbaşçylary bilen duşuşmagy möhüm waka boldy.

Şu ýylyň başyndan bäri türkmen tarapynyň teklipleri esasynda milli mirasymyzyň üç gymmatlygyny ÝUNESKO-nyň sebit we halkara sanawlaryna girizmek üçin möhüm resminamalar taýýarlanyldy hem-de hödürlenildi.
Şunda gürrüň, hususan-da,
- ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin hödürlenen Türkmenistanyň endemik dermanlyk ösümlikleri bilen baglanyşykly halk lukmançylygyndaky däpleri hem-de tahýa taýýarlamagyň sungaty we ony geýmegiň däpleri,
- şeýle-de «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitleýin sanawyna girizilmegi teklip edilen, VIII asyrda ýaşap geçen meşhur alym, akyldar sopy Ybraýym Edhemiň durmuşy we filosofiýasy barada ýurdumyzyň golýazmalar gaznasynda saklanylýan ýazuw gymmatlyklary barada barýar. Mundan başga-da, ýylyň başyndan bäri ýurdumyzda milli mirasymyzy öwrenmäge we gorap saklamaga, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen 40-dan gowrak medeni-köpçülikleýin çäre guraldy.
