DÜNÝÄ

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy jenap Çýo Hýon Dunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň arasynda dürli ugurlarda ýola goýlan gatnaşyklarda parlamentara hyzmatdaşlygyň möhüm orny bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýokary derejelere çykmagynda uly ähmiýete eýe bolandygy barada nygtaldy.

Ýurdumyza sapar bilen gelen Parlament wekilleri Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alnyp barylýan köpugurly işler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda Koreýa Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda öňe süren teklibi esasynda döredilen «Merkezi Aziýa–Koreýa Respublikasy» parlamentara forumynyň sebit ýurtlarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegindäki möhüm ähmiýetine üns çekildi.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisinde bütin dünýäde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, ynanyşmagy we dialogy berkitmek maksady bilen, 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek barada öňe süren başlangyjynyň umumadamzat ähmiýeti nygtaldy.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolup, dostlukly döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegine öwrülendigini, ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket etmeginiň ýurtlarymyzyň oňyn halkara başlangyçlary, ynsanperwer içeri we daşary syýasaty bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny bellediler.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň häzirki derejesi, parahatçylygy ilerletmekde, döwletleriň we halklaryň arasynda ynanyşmagy berkitmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek işlerinde tagallalary birleşdirmegiň, parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň meseleleri barada pikir alşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarly

Aşgabatda Kataryň Emiriniň kakasynyň aradan çykmagy zerarly gynanç bildirildi

Türkmenistan-Ýaponiýa: «Bir oba, bir önüm» başlangyjy öňe sürülýär

Türkiýäniň Demokratiýa we milli agzybirlik güni Aşgabatda bellendi

Tiranozawr Reksiň skeleti 50,1 million ABŞ dollaryna satyldy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi