BIZNES

Türkmenistanyň we Gruziýanyň wekiliýetleriniň duşuşygy

Gruziýanyň Hökümet administrasiýasynyň ýolbaşçysy Lewan Žoržoliani, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň çäklerinde Gruziýa saparda bolýan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen duşuşdy. Bu barada Gruziýanyň Hökümet administrasiýasy habar berdi.

Duşuşykda syýasy we ykdysady gatnaşyklar ýaly dürli ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerine üns berildi.

Taraplar Orta geçelgäni mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda Gürjüstanyň bu geçelgedäki strategik ornuna aýratyn ähmiýet berildi. Lewan Žoržoliani Transhazar geçelgesini ösdürmek maksady bilen Gruziýanyp Hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalary barada türkmen wekiliýetine maglumat berdi.

Şeýle hem duşuşyga Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Nazar Agahanow gatnaşdy.

Mundan başga-da, gruzin tarapy Tükrmenistanyň wekiliýetiniň beýleki agzalary bilen hem duşuşyklar geçirdi.

Ýene-de okaň

“Petronas” dekabr aýynda Türkmenistanda geologiýa-gözleg işlerine başlar

Türkmen telekeçileriniň Azerbaýjana işewürlik saparyny guramak meýilleşdirilýär

2026-njy ýylyň 6 aýynda 4.1 million tonna nebit çykaryldy

Türkmenistanda 6 aýda 39 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi

Azerbaýjan bilen Türkmenistan ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy

Täjigistan türkmen telekeçilerini erkin ykdysady zolaklaryň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy