BIZNES

Türkmen – owgan gatnaşyklary täze mazmun bilen baýlaşýar

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Owganystanyň Standart we hil meseleleri boýunça edarasynyň başlygy Molla Faizullah Tamimiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşykda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm ugurlary, şol sanda standartlaşdyryş, sertifiksiýa we harytlaryň hilini üpjün etmek ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara haryt dolanyşygyny artdyrmakda hil talaplaryna laýyklygyň möhüm ähmiýetini bellediler.

   Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde goňşy döwletler bilen dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Geçirilen duşuşyk türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de berkitmäge gönükdirilen möhüm ädim boldy.

Related posts

Balık çiftlikleri özel sektörde

vepa

Türkmenistan Täjigistanda Söwda öýüni açmagy meýilleşdirýär

“Microsoft” 68,7 milliard dollara kompaniýa satyn alýar

Ata Watan Eserleri