BIZNES

Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkezi gurlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryny has-da berkitmek maksady bilen hem-de  türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagyny – Söwda merkezini döretmek we onuň işini düzgünleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Özbegistan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen ylalaşyga laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Daşoguz welaýatynyň türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek we onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada öz garamagyndaky Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölümi bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.

Bu söwda merkeziniň gurluşygyna 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlap, ony 2025-nji iýul aýynda doly taýýar edip tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Related posts

Germaniýada Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri geçiriler

Türkmenistan Aziýanyň ösüş bankynyň sebitleýin taslamasyna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistanyň haryt dolanyşygy artdy

Leave a Comment