SPORT

Messiniň rekordlary bilen Argentina 1/8 finala çykdy

Argentinanyň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 final duşuşygynda goşmaça wagtda Kabo-Werdeniň toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi. Oýun Maýamide geçirildi.

Ýeňiş gazanan topardan gollary Lionel Messi (29-njy minut) we Lisandro Martines (92) geçirdi. Utulan topardan bolsa Deroý Duarte (59) we Sidni Kabral (103) tapawutlandy. Oýnuň 111-nji minutynda Kabo-Werdeniň goragçysy Dineý öz derwezesine gol saldy.

Messiniň täze rekordlary

Messi dünýä çempionatlaryndaky 20-nji goluny urup, çempionatyň taryhyndaky iň netijeli hüjümçileriň sanawynda liderligini has-da berkitdi. Onuň iň ýakyn bäsdeşi, Fransiýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappeniň hasabynda 18 gol bar. Argentinaly hüjümçi şu gezekki çempionatyň iň gowy hüjümçisi bolmak ugrundaky bäsleşikde hem fransuz futbolçysyndan öňde barýar — 7gola garşy 6 gol. Mundan başga-da, Messi dünýä çempionatlaryndaky 30-njy oýnuny geçirdi we bu görkeziji boýunça hem portugaliýaly Kristiano Ronaldodan (26) öňe geçip, birinji ýeri eýeleýär.

Argentinanyň ýygyndysynyň kapitany dünýä çempionatlarynda yzygiderli gol salmak rekordyny uzaldyp, yzly-yzyna sekizinji oýnunda tapawutlandy. Messi şeýle hem dünýä çempionatlarynyň ähli tapgyrlarynda gol uran ilkinji futbolçy boldy. Ol 19 dürli milli ýygyndynyň derwezesinden gol geçirdi.

Indiki garaşylýan oýun

Argentina 1/8 finalda Müsüriň ýygyndysy bilen oýnar. Mohamed Salahly Müsüriň ýygyndysy bolsa, Awstraliýanyň toparyndan üstün çykypdylar (esasyny wagt 1:1, penaltiler boýunça 4:2). Bu duşuşyk 7-nji iýulda Atlantada geçiriler.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionaty: 1/8 finalyň duşuşyklary belli boldy

Portugaliýa bilen Ispaniýa 1/8 finalda duşuşar

Garri Keýn meşhur Peleden öňe saýlandy

Angliýa, Belgiýa we ABŞ 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynyň oýunlaryna 5 million janköýer gatnaşdy

Eldor Şomurodowyň goly toparçalaýyn tapgyryň iň owadan goly hasaplandy