JEMGYÝETSPORT

Futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň gyzykly taryhy

Futbol dünýäsiniň iň uly ýaryşy hasaplanýan FIFA Dünýä Çempionaty ABŞ-nyň, Kanadanyň we Meksikanyň bilelikde eýeçilik etmeginde 23-nji gezek geçiriler.

Şu wagta çenli geçirilen 22 Dünýä çempionaty köp sanly gyzykly wakalara şaýat boldy. Her dört ýyldan bir gezek geçirilýän bu ýaryş Ikinji jahan urşy sebäpli iki gezek geçirilmedi.

Ilkinji gezek 1930-njy ýylda geçirilen çempionatda şu güne çenli 8 dürli ýurt ýeňiji boldy. Braziliýa 5 çempionlyk bilen birinji orunda durýar.

Ilkinji Dünýä çempionaty

Şol wagtky FIFA-nyň prezidenti Žýul Rime tarapyndan başlanan we belli bir döwürde onuň ady bilen geçirilen Dünýä çempionatyna ilkinji gezek 1930-njy ýylda Urugwaý eýeçilik etdi hem-de çempion boldy.

Urugwaý 1924-nji we 1928-nji ýyllardaky Olimpiýa çempiony bolandygy hem-de 1930-njy ýylda garaşsyzlygynyň 100 ýyllygyny bellejekdigi sebäpli öý eýesi hökmünde saýlandy. Ýewropa toparlary uzak ýol sebäpli bu karara garşy çykdy.

Fransuz sport ýolbaşçysy Rime-niň tagallasy netijesinde Ýewropadan diňe Belgiýa, Fransiýa, Rumyniýa we Ýugoslawiýa gatnaşdy. 13 toparyň gatnaşan ilkinji Dünýä çempionatynda öý eýesi Urugwaý finalda Argentinany 4:2 hasabynda ýeňip, çempion boldy.

1930-njy ýyldaky final duşuşygynyň baş emini belgialy Jon Langenus meýdana penjek we galstuk bilen çykdy.

Bu ýaryşa gatnaşan 13 ýurt saýlama oýunlaryny oýnaman, FIFA-nyň çakylygy boýunça gatnaşdy.

Ýewropa ýurtlary ýaryşa gämiler bilen barýan wagtynda türgenleşiklerini gäminiň palubasynda geçirdiler.

Iki ýarym finalda Argentina ABŞ-ny, Urugwaý bolsa Ýugoslawiýany birmeňzeş 6:1 hasabynda ýeňdi.

1934 – Italiýa

Urugwaýdaky ilkinji çempionatdan soň, ýewropaly wekiller ýaryşy öz ýurtlarynda geçirmek üçin işe başladylar.

FIFA-a ilkinji ýüz tutan Italiýa 1934-nji ýylyň Dünýä çempionatyny geçirmek hukugyny gazandy.

Öz ýurdundaky ilkinji çempionata ýewropa ýurtlarynyň az gatnaşmagyna nägile bolan Urugwaý bu gezek gatnaşmady.

Italiýa Dünýä çempionatynyň taryhynda saýlama duşuşygyny oýnan ilkinji we ýeke-täk öý eýesi boldy.

Müsür Dünýä çempionatyna gatnaşan ilkinji afrika ýurdy diýen ada eýe boldy.

Urugwaýdaky ilkinji çempionatda Argentina üçin çykyş eden Monti soňra Italiýanyň milli ýygyndysynda çykyş etdi.

Italiýa öý eýesiniň çempion bolmak däbini dowam etdirdi.

1938 – Fransiýa

Çempionatlaryň gezekleşip Amerika bilen Ýewropada geçirilmegi meýilleşdirilse-de, ýaryşyň ýene-de bir ýewropa ýurduna — Fransiýa berilmegi sebäpli Argentina 1938-nji ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmady.

16 topar gatnaşmaga hukuk gazansa-da, Gitleriň Awstriýany basyp almagy sebäpli gatnaşyjylaryň sany 15-e düşdi.

Penalti düzgüniniň ýokdugy sebäpli goşmaça wagta giden 5 duşuşygyň 3-si gaýtadan oýnaldy.

Italiýa finalda Wengriýany 4:2 hasabynda ýeňdi.

Italiýanyň tälimçisi Wittorio Potso Dünýä çempionatyny yzly-yzyna iki gezek gazanan ilkinji we ýeke-täk tälimçi boldy.

1942 we 1946-njy ýyllar

Ikinji jahan urşy sebäpli 1942-nji we 1946-njy ýyllarda Dünýä çempionaty geçirilmedi.

1950 – Braziliýa

12 ýyllyk arakesmeden soň Braziliýada geçirilen çempionata 13 ýurt gatnaşdy.

Ilkinji çempion Urugwaý goňşy Braziliýadaky ýaryşa gatnaşdy.

Türkiýe gatnaşmaga hukuk gazansa-da, maliýe kynçylyklary sebäpli gidip bilmedi.

Angliýa ilkinji gezek Dünýä çempionatynda çykyş etdi.

Takmynan 200 müň tomaşaçynyň synlan Braziliýa–Urugwaý finalyndan soň Urugwaý çempion boldy. Braziliýaly janköýerler uzak wagtlap stadiondaky ýerlerinden turup bilmediler. Ýurtda bir hepdelik ýas yglan edildi.

1954 – Şweýsariýa

Türkiýe ilkinji gezek Dünýä çempionatyna 1954-nji ýylda Şweýsariýada gatnaşdy.

Saýlama tapgyrynda Ispaniýa bilen duşuşan Türkiýe ilkinji oýunda 4:1 hasabynda ýeňildi, ikinji duşuşykda bolsa 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Finalda Wengriýany 3:2 hasabynda ýeňen Günbatar Germaniýa çempion boldy.

Dünýä çempionaty ilkinji gezek 1954-nji ýylda teleýaýlym arkaly görkezildi.

1958 – Şwesiýa

Dünýä çempionatynyň taryhynda ilkinji golsuz tamamlanan duşuşyk Angliýa bilen Braziliýanyň arasynda geçirildi.

Braziliýa ilkinji gezek dünýä çempiony boldy.

1962 – Çili

1962-nji ýylda Çilide geçirilen Dünýä çempionaty örän dartgynly geçdi.

Çili bilen Italiýanyň arasynda geçirilen duşuşykdaky gödek hereketlerden soň, Çilidäki dükanlaryň käbirinde “Italiýalylara girmek gadagan” diýen ýazgylar peýda boldy. Ilkinji 12 oýunda 37 futbolçy şikes aldy. Braziliýanyň ýyldyzy Pele hem ikinji oýnunda şikes alyp, ýaryşy terk etdi.

Braziliýa finalda Çehoslowakiýany 3:1 hasabynda ýeňip, kubogy yzly-yzyna ikinji gezek gazandy.

1966 – Angliýa

Bu çempionat teleýaýlymda göni ýaýlymda görkezilen ilkinji Dünýä çempionaty boldy.

Finalda Günbatar Germaniýany 4:2 hasabynda ýeňen Angliýa taryhyndaky ilkinji we ýeke-täk dünýä çempionlygyny gazandy.

Angliýanyň üçünji golunda topuň derweze çyzygyny geçip-geçmändigi baradaky jedeller uzak wagtlap dowam etdi.

1970 – Meksika

1970-nji ýylda Meksikada geçirilen çempionatda ilkinji gezek oýunçy çalyşmak hem-de sary we gyzyl kart ulgamy ulanyldy.

Ähli duşuşyklar ilkinji gezek göni we reňkli görnüşde görkezildi.

Finalda 4:1 hasabynda ýeňen Braziliýa Žýul Rime kubogynyň baky eýesi boldy. Soňra bu ýaryş FIFA Dünýä Kubogy adyny aldy.

Braziliýanyň tälimçisi Mario Zagallo Dünýä çempionatyny hem futbolçy, hem tälimçi hökmünde gazanan ilkinji adam boldy.

1974 – Günbatar Germaniýa

Ýaryş ilkinji gezek FIFA Dünýä Kubogy ady bilen geçirildi we italýan heýkeltaraşy Silwio Gazzaniganyň taýýarlan täze kubogy ulanyldy.

Gaitili Ernst Žan-Žozef doping ulanan ilkinji futbolçy hökmünde taryha girdi.

Günbatar Germaniýa finalda Niderlandlary 2:1 hasabynda ýeňip, çempion boldy.

1978 – Argentina

Argentina ikinji tapgyrda Peruny azyndan 4 gol tapawudy bilen ýeňmeli boldy. Jedelli hasaplanan bu duşuşykda Argentina Peruny 6:0 hasabynda ýeňip, soňra bolsa çempion boldy.

1982 – Ispaniýa

1982-nji ýylda FIFA gatnaşyjy toparlaryň sanyny 16-dan 24-e çykardy.

Bu ähli yklymlaryň wekilleriniň gatnaşan ilkinji Dünýä çempionaty boldy.

Alžir Günbatar Germaniýany 2:1 hasabynda ýeňip, Dünýä çempionatynda Ýewropa toparyny ýeňen ilkinji Afrika döwleti boldy.

Wengriýa Salwadory 10:1 hasabynda ýeňip, kubok taryhyndaky iň uly ýeňşi gazandy.

Italiýa toparçadaky üç duşuşygy hem deňme-deň tamamlandan soň, ahyrynda çempion bolmagy başardy. Finalda Günbatar Germaniýany 3:1 hasabynda ýeňdi.

1986 – Meksika

1986-njy ýylyň Dünýä çempionatyny geçirmek hukugy ilki Kolumbiýa berlipdi. Emma ykdysady kynçylyklar sebäpli Kolumbiýa bu hukugyndan ýüz öwürdi we çempionat Meksika geçirildi.

Güýçli ýer titremesini başdan geçiren Meksika ikinji gezek öý eýesi bolmak üçin ýüz tutdy we bu haýyş kabul edildi.

Şu ýaryşdan başlap, bir toparçadaky toparlaryň soňky duşuşyklarynyň bir wagtda geçirilmegi düzgüni girizildi.

Marokko öz toparçasyny birinji orunda tamamlan ilkinji Afrika döwleti boldy.

Argentinanyň ýyldyzy Diego Armando Maradonanyň çärýek finalda Angliýanyň derwezesine eli bilen geçiren goly ýaryşyň iň köp ara alnyp maslahatlaşylan wakasy boldy. Bu gol soňra “Taňrynyň eli” diýip atlandyryldy.

Maradonanyň şol oýunda orta meýdandan alyp gaýdan topy bilen birnäçe iňlis futbolçysyny aldap geçip geçiren goly hem Dünýä çempionatlarynyň iň owadan gollarynyň biri hasaplanýar.

Häzirki wagtda stadionlarda giňden ulanylýan “Meksika tolkuny” hem ilkinji gezek şu ýaryşda peýda boldy.

Argentina finalda Günbatar Germaniýany 3:2 hasabynda ýeňip, ikinji gezek dünýä çempiony boldy.

1990 – Italiýa

Meksikadan soň Italiýa hem Dünýä çempionatyna ikinji gezek ýer eýesi boldy.

Ýaryşyň garaşylmadyk topary Kamerun Kolumbiýany ýeňip, çärýek finala çykan ilkinji Afrika döwleti boldy.

Kamerunyň düzümindäki 38 ýaşly Rožer Milla Rumyniýanyň derwezesine geçiren iki golundan soň “General” derejesi bilen sylaglandy.

Argentina bilen öý eýesi Italiýanyň arasynda Neapolda geçirilen duşuşykda italiýaly janköýerleriň bir bölegi şäheriň gahrymany Maradonany goldady.

Italiýanyň derwezeçisi Walter Zenga Dünýä çempionatlarynda 517 minutlap gol goýbermezlik rekordyny goýdy.

Günbatar Germaniýa finalda Argentinany 1:0 hasabynda ýeňip, dünýä çempiony boldy.

Toparyň baş tälimçisi Frans Bekkenbauer Braziliýaly Zagallodan soň Dünýä çempionatyny hem futbolçy, hem tälimçi hökmünde gazanan ikinji adam boldy.

1994 – ABŞ

1994-nji ýylda ABŞ-da geçirilen Dünýä çempionatynyň iň uly wakalary Maradonanyň doping sebäpli ýaryşdan çykarylmagy we kolumbiýaly futbolçy Andres Eskobaryň öz derwezesine geçiren goly  boldy.

1994-nji ýylda ilkinji gezek dünýä çempiony penalti urgulary arkaly kesgitlenildi.

Finalyň esasy wagty 0:0 hasabynda tamamlandy. Braziliýa penaltilerde Italiýany 3:2 hasabynda ýeňip, 24 ýyldan soň ýene çempion boldy.

Russiýaly Oleg Salenko Kameruna garşy geçirilen oýunda 5 gol geçirip, bir duşuşykda iň köp gol geçiren futbolçy boldy.


1998 – Fransiýa

1998-nji ýylda Fransiýada geçirilen çempionatda toparlaryň sany 24-den 32-ä ýetirildi.

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek “altyn gol” düzgüni ulanyldy.

Robert Prosineçki 1990-njy ýylda Ýugoslawiýanyň, 1998-nji ýylda bolsa Horwatiýanyň düzüminde gol geçirip, iki dürli milli ýygyndy üçin Dünýä çempionatynda gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.

Dünýä çempionatynyň taryhynda ilkinji gezek ýer eýesi bilen öňki çempion finalda duşuşdy. Fransiýa Braziliýany 3:0 hasabynda ýeňip, ilkinji gezek dünýä çempiony boldy.


2002 – Ýaponiýa we Günorta Koreýa

2002-nji ýylda geçirilen çempionat ilkinji gezek iki ýurt tarapyndan bilelikde guraldy. Şeýle hem bu Aziýada geçirilen ilkinji Dünýä çempionaty boldy.

Türkiýe ikinji gezek gatnaşan Dünýä çempionatynda taryhy üstünlik gazanyp, üçünji orny eýeledi.

Soňky gezek öňki dünýä çempionynyň saýlama oýunlaryny oýnamazdan gönüden-göni gatnaşmagy düzgüni ulanyldy. Fransiýa bu düzgünden peýdalanan soňky çempion boldy.

Fransiýa bir hem gol geçirip bilmän ýaryşdan çykdy.

Braziliýa Germaniýany 2:0 hasabynda ýeňip, bäşinji gezek dünýä çempiony boldy.


2006 – Germaniýa

2006-njy ýylda Germaniýada geçirilen çempionatyň iň köp ara alnyp maslahatlaşylan wakasy finalda fransiýaly Zinédin Zidan bilen italiýaly Marko Materassiniň arasynda bolan hadysa boldy.

Zidan Materassini kellesi bilen urup, gyzyl kart aldy.

Italiýa penaltilerde 5:3 hasabynda ýeňiş gazanyp, dünýä çempiony boldy.

Bu ýaryşdan soň altyn gol we kümüş gol düzgünleri ýatyryldy.

Braziliýa Dünýä çempionatynda yzly-yzyna 11 duşuşykda ýeňiş gazanan ilkinji topar boldy.

Portugaliýa bilen Niderlandlaryň arasynda geçirilen duşuşykda 12 sany sary kart we 4 sany gyzyl kart görkezildi. Bu oýun futbol taryhyna “Nýurnberg söweşi” ady bilen girdi.


2010 – Günorta Afrika

2010-njy ýylda Afrika ilkinji gezek Dünýä çempionatyna ýer eýesi boldy.

Bu ýaryşyň iň ýatda galan aýratynlygy “Wuwuzela” boldy. Günorta Afrika mahsus bolan bu saz guraly örän güýçli ses çykarýandygy sebäpli käbir tomaşaçylar tarapyndan tankyt edildi.

Ispaniýa öz taryhyndaky ilkinji dünýä çempionlygyny gazandy.

Wisente del Boskeniň ýolbaşçylygyndaky topar finalda Niderlandlary 1:0 hasabynda ýeňdi.


2014 – Braziliýa

Braziliýa öz meýdançasynda geçirilen çempionatda taryhy ýeňlişi başdan geçirdi.

Ýarym finalda Germaniýadan 7:1 hasabynda ýeňlen braziliýalylar öz taryhynda ilkinji gezek 7 gol tapawudy bilen utuldylar.

Öňki çempion Ispaniýa toparçadan çykyp bilmedi.

Germaniýa finalda goşmaça wagtda geçiren goly bilen Argentinany 1:0 hasabynda ýeňip, dördünji gezek dünýä çempiony boldy.

Amerika yklymynda geçirilen ýaryşda ilkinji gezek Ýewropa topary çempion boldy.


2018 – Russiýa

2018-nji ýylda Russiýada geçirilen çempionat Gündogar Ýewropada geçirilen ilkinji Dünýä çempionaty boldy.

Öňki çempion Germaniýa toparçada soňky orny eýeläp, ýaryşdan ir çykdy.

Müsürli derwezeçi Essam El-Hadary 45 ýaşynda Dünýä çempionatynda çykyş eden iň ýaşuly futbolçy boldy.

Fransiýa finalda Horwatiýany 4:2 hasabynda ýeňip, ikinji gezek dünýä çempiony boldy.

Fransiýanyň baş tälimçisi Dide Deşam Dünýä çempionatyny hem futbolçy, hem tälimçi hökmünde gazanan üçünji adam boldy.

Ýewropa toparlary yzly-yzyna dördünji gezek dünýä çempiony boldular.


2022 – Katar

2022-nji ýylda Katarda geçirilen çempionat Arap ýarymadasynda geçirilen ilkinji Dünýä çempionaty boldy.

Öňki ýaryşlardan tapawutlylykda, ýurduň yssy howasy sebäpli ýaryş iýun–iýul aýlarynda däl-de, noýabr–dekabr aýlarynda geçirildi.

Esasy wagty 2:2, goşmaça wagty bolsa 3:3 hasabynda tamamlanan finalda Argentina Fransiýany penaltilerde 4:2 hasabynda ýeňdi.

Lionel Messiniň ýolbaşçylygyndaky Argentina üçünji gezek dünýä çempiony boldy.

Messi karýerasyndaky ilkinji Dünýä çempionlygyny gazandy.

Marokko bolsa Dünýä çempionatynyň taryhynda ýarym finala çykan ilkinji Afrika döwleti boldy.

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

C5+1: Merkezi Aziýanyň we ABŞ-nyň medeniýet ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň medeniýet ministrini kabul etdi

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Iýul aýynda Aşgabatda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanda Azerbaýjanyň Garaşsyzlyk güni we Azerbaýjan Medeniýet günleri bellenildi