SPORT

Dünýä çempionatynyň iň owadan goly belli boldy

Kabo-Werdeniň milli ýygyndysynyň goragçysy Sidni Kabralyň 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň 1/16 finalynda Argentinanyň toparyna garşy oýnunda uran goly çempionatyp iň gowy goly diýlip ykrar edildi. Bu barada Halkara Futbol Federasiýasynyň (FIFA) saýtynda habar berilýär. Bu gol futbol janköýerleriniň saýlamagy bilen seçilip alyndy.

Kabralyň 103-nji minutda uran goly saýasynda Kabo-Werdäniň ýygyndysy hasaby deňlemegi başarypdy (2:2), emma topar goşmaça wagtda argentinalylardan utuldy (2:3).

Iň gowy goluň awtory bolmak ugrundaky bäsleşikde ikinji orny Özbegistandan Eldor Şomurodow, üçünji orny bolsa Gaitiniň ýygyndysynyň hüjümçisi Wilşon Izidor eýeledi.

Futbol boýunça dünýä çempionaty 19-njy iyulda tamamlandy. Çempionatyň ýeňijisi finalda Argentinanyň toparyny goşmaça wagtda 1:0 hesaby bilen ýeňen Ispaniýanyň ýygyndysy boldy.

Kabraldan başga-da, bu baýraga Elaýja Jast (Täze Zelandiýa), Kilian Mbappe (Fransiýa), Lionel Messi (Argentina), Wilşon Izidor (Gaiti), Kerim Alaýbegowiç (Bosniýa we Gersegowina), Daýdzen Maeda (Ýaponiýa), Eldor Şomurodow (Özbegistan), Erling Holand (Norwegiýa), Hulian Alwares (Argentina), Jud Bellingen (Angliýa) we Ferran Torres (Ispaniýa) dalaşgär boldular.

Kabral 23 ýaşynda bolup, onuň milli ýygyndysynyň düzüminde 12 oýny we 3 goly bar. Klub derejesinde goragçy Türkiýäniň «Trabzonspor» toparynda çykyş edýär.

Related posts

“Liwerpul” – Angliýanyň FA Kubogyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Futbolçylara üwmeç we maýones iýmek gadagan

“Çelsi” topary “Barselonanyň” ýaş ýyldyzy bilen gyzyklanýar