JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministrini kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri hanym Farzane Sadeg Malwajerdi kabul etdi.
Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegine Eýranda möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, Prezident Masud Pezeşkianyň döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle hem hanym Farzane Sadeg Malwajerd Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Eýrana amala aşyran saparynyň we onuň çäklerinde EYR-nyň Prezidenti Masud Pezeşkian hem-de Yslam Şurasy Mejlisiniň Başlygy Mohammad Bager Galibaf bilen geçiren duşuşyklarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge täze itergi berendigini belledi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar döwletara gün tertibiniň möhüm bölegi bolup durýar. Eýran Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Ýangyç-energetika, ulag we aragatnaşyk, gurluşyk, oba hojalygy we ulag-kommunikasiýa ýaly pudaklarda netijeli we özara bähbitli gatnaşyklar ösdürilýär. Hususy ulgamyň wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklar yzygiderli işjeňleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler özara hyzmatdaşlygy giňeltmekde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparyň möhüm ornuny bellediler. Bu toparyň alyp barýan işi hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini we ugurlaryny açmaga hem-de ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri ýerine ýetirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Related posts

Si Szinpin: hytaý-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge uly üns berýärin

Makalalar toplumy başlaýar: “Amul-Hazar 2018”

vepa

Salgyt töleýjileriň dykgatyna!

vepa