BIZNES

Aşgabatda üç günlük türkmen-özbek işewürler forumy geçirilýär

26-njy iyulda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda türkmen-özbek biznes-forumy açyldy. Taraplaryň her birinden 20-den gowrak kompaniýany birleşdiren duşuşygyň esasy ugry gurluşyk we senagat ulgamlaryndaky täze geljegi uly ugurlar we strategik ösüş nokatlary boldy.

Duşuşyga badalga berip, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary Azat Nazarow, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Rawşanbek Alimow we «Özpromstroýmaterialy» assosiasiýasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Ulugbek Hakberdiýew gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.

Ilçi Rawşanbek Alimowyň nygtaşy ýaly, iki döwletiň ykdysadyýetleriniň giň göwrümli gurluşyk maksatnamalaryny we çuňňur döwrebaplaşdyrylyşyny göz öňünde tutup, gurluşyk serişdeleri ulgamynda önümçilik kooperasiýasyny ösdürmek iň geljegi uly ugurlaryň birine öwrülýär.

Diplomatyň belelýşi ýaly, Özbegistan doganlyk Türkmenistan bilen senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, tehnologiýalary işjeň alyşmaga, bilelikdäki önümçilikleri döretmäge we önümleri özara üpjün etmegi ýola goýmaga açykdyr.

Üç günlük forum diňe bir gepleşikler meýdançasy däl, eýsem B2B we B2G gepleşikleri üçin netijeli meýdança bolmalydyr. Bu gatnaşyklaryň anyk bilelikdäki taslamalara öwrülmegine garaşylýar. Ugurlaryň gerimi örän giňdir:

* gurluşyk we lak-boýag serişdeleriniň önümçiligi;

* sendwiç-panelleriň, metal konstruksiýalaryň we ýylylyk saklaýjy serişdeleriň öndürilmegi;

* bezeg çig malynyň, plita serişdeleriniň we metal däl mineral önümleriň taýýarlanmagy;

* profilleriň, fitingleriň, rezin we plastik önümleriň getirilmegi;

* metal önümleriniň, çoýunyň, poladyň we beýleki gurluşyk materiallarynyň çykaryylmagy.

Forumda özbek işewürliginiň we senagatynyň öňdebaryjy kompaniýalary wekilçilik edýär, olaryň arasynda: “Original Color Mix” (lak-boýag serişdeleri), “AKFA Group” (gurluşyk materiallary, sendwiç-paneller, metal konstruksiýalar), “KHAT DECOR” (bezeg çig maly we plita materiallary), “Khorezm Insulation Group” (metal we mineral önümler), “Pipe Metal” (profiller we fitingler), “Basalt Wool’ (ýylylyk saklaýjylar), “Azia Metal Prof” (çoýun, polat,armatura, gipsokarton üçin profiller), “Power Crane” (köpri kranlar), “Jizzakh Insulation” (plastik önümler) we “МЕХМАШ” (samorez önümçiligi) bar.

Duşuşygyň möhüm gatnaşyjysy «Özpromstroýmaterialy» assosiasiýasy boldy — ol döwlet we hususy öndürijileriň arasynda kuwwatly birleşdiriji zynjyr bolup, 10 müňden gowrak kärhanany özünde jemleýär. Senagat ägirdi önümleriň 200-den gowrak görnüşini öndürýär, maýa goýumlarynyň we eksportynyň göwrümi 2 milliard ABŞ dollaryna deňdir we gurluşyk materiallaryny dünýäniň 60-dan gowrak ýurduna iberýär.

Assosiasiýanyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Ulugbek Hakberdiýew Daşkendiň Aşgabat bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Häzirki wagtda Özbegistandan Türkmenistana gurluşyk materiallarynyň eksportynyň esasy göwrümi 37 million ABŞ dollaryna ýetýär.
«Biz iki ýurduň kärhanalarynyň arasynda göni arabaglanyşygy işjeňleşdirmäge, rugsat berlen önümleriň üpjünçiligini artdyrmaga, bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge taýýar» diýip, Hakberdiýew bildirdi.

Ýola goýlan söwda ugurlarynyň amaly tarapyny we durnuklylygyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Marketing we daşary ykdysady arabaglanyşyklar bölüminiň başlygy Mekan Sopyýew tassyklady. Türkmeniston Özbegistana yzygiderli sement, aýna önümlerini we gazobetony eksport edýär, öwezine bolsa ýerli aýna önümçiligi üçin çig mal hökmünde zerur bolan kalsirlenen duzy import edýär.

«Türkmen tarapy elmydama oňyn pikirleri, öňe sürülýän teklipleri, jogapkärli we ygtybarly hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga açykdyr» diýip, Mekan Sopyýew sözüni jemledi.

Öz mümkinçiliklerini tanyşdyryp, özbek öndürijileri olaryň köpüsiniň eýýäm Merkezi Aziýa, GDA we Ýewropa bazarlarynda öz eýeleýän orunlaryny pugtalandyrandyklaryny, ýöne türkmen bazaryna strategik bazar hökmünde garaýandyklaryny nygtadylar. Iki goňşynyň hyzmatdaşlyk mümkinçiligi entek doly ulanylanok: özara söwdany artdyrmak, maýa goýumlaryny çekmek we sanly önümçilik çözgütlerini ornaşdyrmak üçin amatly şartlar döredildi.

Related posts

Rus kompaniýalary Türkmenistanda bilelikdäki önümçilige gyzyklanma bildirýär

Gyrgyz Respublikasy Türkmenistandan pomidor satyn alýar

Ata Watan Eserleri

“Petronas” dekabr aýynda Türkmenistanda geologiýa-gözleg işlerine başlar