JEMGYÝET

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers Aşgabada geldi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Sara Rojers sapar bilen Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi. Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasarynyň Türkmenistana saparynyň ýurduň iň gymmatly milli nyşanlarynyň biri bolan ahalteke bedewi bilen başlanýandygy bellenilýär.

Habarda bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” şygary astynda geçýän döwründe bu sapar ýurduň baý medeni mirasyny hem-de asyrlardan gözbaş alýan däp-dessurlaryny aýratyn şöhlelendirýär. Saparyň netijeli geçmegine hem-de ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrmaga umyt baglaýarys.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Gruziýanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti ilkinji döwlet sapary bilen Gruziýa bardy

Ahalteke atlarynyň dünýä çempionaty üçin meýletinçiler taýýarlanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi 23-nji sentýabrda geçiriler

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabatda saparda boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri Aşgabatda duşuşdy