Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň kompaniýalarynyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Aşgabada iş sapary bilen gelen “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň işewürlik gatnaşyklaryny berkitmek, iki ýurduň döwlet we hususy düzümleriniň wekilleriniň arasyndaky özara hereketleri giňeltmek üçin netijeli meýdança hökmündäki işini maslahatlaşdylar.
Şu gün Aşgabatda geçirilen we düzüminde “Climate Compass”, “John Deere”, “Westport Trading” we beýlekiler bolan ABŞ-nyň on töweregi kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşan tegelek stolunyň netijeliligi bellenildi. Tegelek stolda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi.
Türkmenistanyň DIM-ndäki duşuşykda Geňeşiň işiniň döwletara gatnaşyklaryny berkitmäge, Türkmenistan bilen Amerika Birleşen Ştatlarynyň arasynda özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy.
Taraplar ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda, şol sanda ulag-logistika, energetika, nebit-gaz, oba hojalygy we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Şol günüň özünde “Türkmenistan – ABŞ” işewürler geňeşiniň wekilleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.
