DÜNÝÄ

«Betmen» ýene duruzuldy

Betmen hakyndaky tapgyryň soňky filminiň surata düşüriliş işleri ýene-de duruzyldy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýazmagyna görä, muňa aktýr Robert Pattinsona koronowirus ýokuşmagy sebäp boldy.

Filmi surata düşürýän «Warner Brothers» studiýasy tarapyndan surata düşürilýän topardan bir adama koronowirusyň degendigi habar berildi, ýöne onuň kimdigi barada anyk aýdylmady.

Şeýlelikde, Betmen hakyndaky soňky filmiň režissýory Pit Riwz surata düşüriliş işlerini ikinji gezek duruzdy. Şu ýylyň iýun aýynda görkezilmegi meýilleşdirilen film indi geljek ýylyň oktýabryndan ozal görkezilmez.

«Vanity Fair» žurnalynyň ýazmagyna görä, 34 ýaşly Pattinson surata düşürmek üçin Angliýa gelende, oňa koronowirus ýokanjy ulaşypdyr.    

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Related posts

“Merkezi Aziýa-ASEAN” formatyny döretmek pikiri maslahatlaşyldy

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş boýunça sebitleýin forumyna gatnaşdy

Aşgabatda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň zenan liderleriniň forumy geçiriler