TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalynda (tradebridge.gov.tm) «Emeli aňy» (EA) ulanmak mümkinçiligi ýola goýuldy.

Has takygy, 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, «Bir penjire» ulgamda «Emeli aňyň» (EA) kömegi arkaly ýurdumyzdan eksport edilýän we ýurdumyza getirilýän (import) harytlaryň Daşary ykdysady işiň haryt sanawy boýunça kodlaryny kesgitlemäge, zerur bolan rugsat beriş resminamalary we gümrük paçlarynyň möçberleri barada deslapdan maglumatlary almaga mümkinçilik döredildi.

Bu taslama, Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy bilen baglaşylan «Gümrük işini sanlylaşdyrmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we «Akylly» gümrügi döretmek» boýunça ylalaşygyň çäklerinde amala aşyryldy. Ulgamda «Emeli aň» göni iş tertibinde we türkmen, rus, iňlis dillerinde işleýär.

«Bir penjire» ulgamda «Emeli aňyň» (EA) işe girizilmegi – gümrük amallarynda harytlary toparlara bölmek işini ýeňilleşdirip, gümrük taýdan resmileşdirmek işleriniň has çalt we netijeli ýerine ýetirilmegine, daşary söwdanyň statistikasynyň has takyk ýöredilmegine, gümrük paçlarynyň dogry hasaplanylmagyna, sanly gümrük hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegine, daşary ykdysady işe gatnaşyjylara berilýän maglumat goldawynyň kämilleşdirilmegine hem-de gümrük işiniň sanlylaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan özgertmeleriň netijeliliginiň has-da ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda “TELECOMWIFI” jemgyýetçilik “Wi-Fi” gerimini giňeldýär

“Bitdeer Technologies Group” Türkmenistanda ilkinji maglumat merkezini gurar

Russiýa Federasiýasy ilkinji indoneziýaly kosmonawtyň uçuşyny guramaga taýýar

ABŞ-da gumanoid robot sebäpli uçar gatnawy gijikdirildi

«Aýdyň gijeler»: türkmen dilinde emeli intellekt dörediler

Aşgabat-Türkmenbaşy demirýol ugruny kämilleşdirilmek: ýolagçy otlulary 160 km/sag tizlikde işläp biler