DÜNÝÄ

Hindistanly raýat 31 ýurtdan 858 sany kagyz guty ýygnap, rekord goýdy

Hindistanyň ýaşaýjysy Sunil Jozef dünýäniň 31 ýurdundan 858 sany kagyz käse ýygnap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu adam kolleksiýa ýygnamak hobbisine entek çagalykda başlapdyr: ol marka, teňňe we kükürt gutularynyň ýüzündäki suratlary ýygnapdyr. Soňra bolsa has üýtgeşik zatlara — uçar biletlerine, çaý paketjiklerine we kofe kagyz gutujyklaryna geçipdir.

Jozef mundan ozal hem telefon kartlarynyň kolleksiýasy (2014-nji ýylda 6000-e golaý nusga) saýasynda Ginnesiň rekordçysy bolupdy. Häzirki wagtda onuň bu hobbisini dürli ýurtlardan kagyz gutjyklaryny getirip berýän dostlary we garyndaşlary işjeň goldaýarlar.

UPI neşiriniň ýazmagyna görä, Jozef munuň bilen hem öz pişesini bes etmegi meýilleşdirmeýändigini we eýýäm täze rekord — iň uly toý çakylyklarynyň kolleksiýasy üçin resmi arzany tabşyrandygyny boýun aldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy

Tramp ABŞ bilen Eýranyň arasynda ylalaşygyň baglaşylandygyny mälim etdi

Donald Tramp 80 ýaşady