SPORT

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Entoni Gordon «Nýukasldan» Ispaniýanyň «Barselona» toparyna geçdi. Bu barada «Barselonanyň» metbugat gullugy habar berýär.

25 ýaşly oýunçy bilen şertnama 2031-nji ýylyň tomusyna çenli möhlet bilen baglaşyldy.

Gordon 2023-nji ýyldan bäri «Nýukaslda» oýnap gelýärdi. Ol topar bilen bilelikde 2024/25 möwsüminde Angliýanyň liga kubogynyň eýesi boldy. Angliýanyň çempionatynyň geçen möwsüminde geçiren 26 oýnunda futbolçy 6 gol geçirdi. Mundan ozal ol «Ewerton» toparynda oýnapdy.

Gordon Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 17 oýun geçirip, 2 gol geçirdi. Ol 2024-nji ýylda geçirilen Ýewropa çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi.

Related posts

Şu gün Italiýanyň kubogynyň eýesi belli bolar

Hakimi Italiýa barýar

Honda 5 aýry yklymda tapawutlanan futbolçy

Ata Watan Eserleri