SPORT

«Bawariýa» topary 21-nji gezek Germaniýanyň kubogyny gazandy

«Bawariýa» topary futbol boýunça Germaniýanyň kubogynyň final duşuşygynda «Ştutgardy» 3:0 hasabynda ýeňdi.

Oýnuň ikinji ýarymynda gollaryň üçüsini hem Garri Keýn öz hesabyna ýazdy.

«Bawariýa» öz taryhynda 21-nji gezek Germaniýanyň kubogynyň ýeňijisi boldy we bu görkeziji boýunça ýaryşyň rekordyny elinde saklaýar. Mýunheniň topary bu ýaryşda 2020-nji ýyldan bäri ýeňiş gazanyp bilmeýärdi. Olardan soňra iň köp kubok alan topar bolsa «Werderdir» (6 gezek).

«Bawariýanyň» derwezeçisi Manuel Noýer ýettinji gezek Germaniýanyň kubogyny gazandy. Tejribeli derwezeçi bu kubogy alty gezek mýunhenlileriň düzüminde, bir gezek bolsa «Şalke» topary bilen bilelikde asmana göterdi. Indi ol bu ugurda gazanylan titullaryň sany boýunça «Bawariýanyň» öňki ýarym goragçysy Bastian Şwaýnştaýger bilen birinji orny paýlaşýar.

Geçen möwsümde Germaniýanyň kubogynyň ýeňijisi «Ştutgart» bolupdy. Şonda olar finalda «Arminiýany» 4:2 hasabynda ýeňipdiler. «Ştutgart» taryhynda bu kubogy jemi 4 gezek öz muzeýine alyp gitmegi başardy.

Ýene-de okaň

Ajun Ylyjalynyň «Hall Siti» topary Angliýanyň Premýer-ligasyna çykdy

Ukrainaly boksçy 3 guşagyny gorady

Ronaldo dünýäniň iň köp girdeji gazanýan türgeni

“Bloomberg”: Messi Ronaldodan ýarym ýyl soňra milliarder boldy

Bütindünýä welosiped güni: köpçülikleýin welosipedli ýörişi geçiriler

Ronaldo Saud Arabystanynyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri