SPORT

«Galatasaraý» topary Türkiýäniň çempiony boldy

«Galatasaraý» topary yzly-yzyna dördünji gezek Türkiýäniň çempiony boldy. Bu waka toparyň Türkiýe futbol çempionatynyň 33-nji tapgyrynda «Antalýaspor» toparyny 4:2 hasabynda ýeňmeginden soň amala aşdy. Duşuşyk Stambulda (Türkiýe), «RAMS Park» stadionynda geçirildi.

Ýeňiji toparyň hatarynda ýarym goragçylar Mario Lemina we Kaan Aýhan tapawutlandy, hüjümçi Wiktor Osimhen bolsa 2 gol geçirdi.

«Galatasaraý» 77 utuk toplap, çempionatyň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda «Fenerbahçe» toparyndan dört utuk öňe saýlandy. Şunlukda, «Galatasaraý» iň ýakyn bäsdeşiniň öňe saýlanmagyna mümkinçilik bermedi.

Şeýlelikde, «Galatasaraý» topary umumylykda 26-njy çempionlygyny gazandy. Bassyr 4 ýyl yzly-yzyna çempion bolan «Galatasaraý» topary bu ugurda rekord goýdy.

«Galatasaraý» topary ozal hem baş tälimçi Fatih Terimiň döwründe 1996-1997, 1997-1998, 1998-1999 we 1999-2000-nji möwsümlerde yzly-yzyna 4 gezek çempionlyk gazanypdy.

Ýene-de okaň

Gurban Berdiýew Azerbaýjanyň topary bilen ýewrokuboklara dolanýar

Agyr atletika boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa çempionatyna gatnaşar

“Şahtýor” 16-njy gezek Ukrainanyň çempiony boldy

“Barselona” Ispaniýanyň çempiony boldy

Türkmenistanyň futbol wekiliýeti Wankuwerde

Anamjan Rustamowa agyr atletika boýunça dünýä çempiony boldy