SPORT

Futbol transferleri

Hüjümçi Çiro Immobile “Lazio” bilen täze uzak möhletli şertnama baglaşdy. Şertnama 2025-nji ýyla çenli hereket eder. Metbugatda 30 ýaşly hüjümçiniň “5 + 1” boýunça Rim topary bilen şertnamasyny uzaldyp biljekdigi we täze şertnama boýunça Immobileniň ýyllyk aýlygy 3,5 milliondan 4 million ýewro çenli boljakdygy habar berildi. Geçen möwsümde Immobile ähli ýaryşlarda 44 oýun oýnady we 39 gezek tapawutlandy, şolardan 36-ny “Seriýa A” çempionatynda geçirdi. Şeýle hem Immobile “Altyn aýkagabyň” eýesi.

Derwezeçi Klaudio Brawo “Betis” toparyna transfer boldy. Taraplaryň arasyndaky şertnama başga bir möwsüme uzaldylmagy mümkinçiligi bilen bir ýyl üçin niýetlendi. 37 ýaşly derwezeçi erkin oýunçy hökmünde Ispaniýanyň toparyna geçdi. Mundan öň Brawo, Angliýanyň “Mançester Siti” toparynda çykyş edipdi. Brawo 2016-njy ýyldan bäri “Mançester Siti” toparynda çykyş etdi we bu topar bilen iki gezek Angliýanyň çempionatynda, bir gezek Milli kubokda we üç gezek liganyň kubogynda ýeňiji boldy

Ýene-de okaň

Neýmar milli ýygyndydaky karýerasyny tamamlady

Erling Holand gollaryň sanynda Messi we Mbappe bilen deňleşdi

Norwegiýa Braziliýany ýeňip, taryhy üstünlik gazandy

Angliýanyň ýygyndysy 1/4 finala çykdy

Fransiýa çärýek finalda Marokko bilen oýnar

Marokko ilkinji bolup çärýek finala çykdy

Ata Watan Eserleri