Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli ýurdumyzda bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş çärelerini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, 3-nji iýunda paýtagtymyzda köpçülikleýin welosipedli ýörişi guramak göz öňünde tutulýar. Şanly sene mynasybetli 30-njy maý — 3-nji iýun aralygynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde welosipedli ýörişleri, sport ýaryşlaryny, ylmy-amaly maslahatlary, wagyz-nesihat we beýleki çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Bütindünýä welosiped gününiň sagdyn we bagtyýar durmuşy giňden beýan edýän halkara sport baýramydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýurdumyzda bu sene mynasybetli bedenterbiýe-sport çärelerini guramaçylykly geçirmegi tabşyrdy.
Soňra wise-premýer hasabatyny dowam edip, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýany” tassyklamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy barada aýtdy.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, keselleriň öňüni almakda, olary ýok etmekde, saglygy goraýyş we derman senagaty pudagyny dünýä derejesinde ösdürmekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Hususan-da, bu ugurda Milli strategiýanyň hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz adamlaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz raýatlaryň sagdynlygyny gazanmak, ilat arasynda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek maksady bilen taýýarlanan resminama gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
