SPORT

Konor Makgregor tutluşyga çykýar

12-nji iýulda ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde garyşyk söweş sungaty boýunça UFC 329 ýaryşy geçiriler. Agşamyň esasy tutluşygynda guramanyň iki agram derejesindäki öňki çempiony, irlandiýaly Konor Makgregor ýarym ýeňil agramda (65 kg çenli) öňki çempion bolan amerikaly Maks Holloueý bilen gaýtadan duşuşar.

Makgregor 37 ýaşynda. Irlandiýaly türgen 2008-nji ýylda garyşyk söweş sungaty boýunça professional derejede çykyş edip başlady, 2013-nji ýyldan bäri bolsa UFC-de çykyş edýär. Ol ýarym ýeňil (65 kg çenli) hem-de ýeňil (70 kg çenli) agram derejelerinde çempion boldy.

Maks Holloueý 34 ýaşynda. Amerikaly türgen UFC-de 2012-nji ýylda çykyş edip başlady. Häzire çenli ol UFC-de 23 ýeňiş gazanyp, 9 gezek ýeňildi.

Makgregor bilen Holloueýiň ilkinji tutluşygy 2013-nji ýylyň awgust aýynda “UFC Fight Night 26” ýaryşynda geçirildi. Üç döwden jemleri boýunça eminleriň biragyzdan çykaran karary (30–27, 30–26, 30–27) esasynda irlandiýaly Konor Makgregor ýeňiş gazandy.

Related posts

Futbol transfer bazarynyň bahasy 6,6 milliard dollar

Dünýaniň iň gadymy kubogynyň finaly: “Çelsi” – “Liwerpul”

Türkmen derwezeçisi Merkezi Aziýanyň iň gymmat derwezeçileriniň sanawynda