Fransiýanyň milli ýygyndysy futbol boýunça dünýä çempionatynyň çärýek finalynda Marokkony 2:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Foksboro şäherinde geçirildi.
Gollary Kilian Mbappe (60-njy minut) we Usman Dembele (66-njy minut) geçirdi.
Fransiýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň ýarym finalyna sekizinji gezek çykdy we bu görkeziji boýunça Braziliýanyň ýygyndysy bilen deňleşdi. Bu tapgyra diňe Germaniýanyň milli ýygyndysy (öňki Günbatar Germaniýa) has köp — 12 gezek çykmagy başardy. Şeýle hem fransuzlar yzly-yzyna üçünji gezek dünýä çempionatynyň ýarym finalynda çykyş ederler. Mundan ozal azyndan üç gezek yzly-yzyna bu tapgyra diňe Braziliýanyň we Germaniýanyň ýygyndylary ýetip bilipdi.
Fransiýanyň milli ýygyndysy iki gezek dünýä çempiony boldy (1998, 2018). Mundan başga-da, ol iki gezek kümüş medala (2006, 2022) we iki gezek bürünç medala (1958, 1986) mynasyp boldy.
Marokkonyň milli ýygyndysy bolsa öňki dünýä çempionatynda dördünji orny eýeläp, öz taryhyndaky iň gowy netijesini gazandy.
Ýarym finalda Fransiýanyň milli ýygyndysy 10-njy iýulda geçiriljek Ispaniýa bilen Belgiýanyň arasyndaky duşuşygyň ýeňijisi bilen oýnar. Fransuzlaryň gatnaşmagyndaky ýarym final duşuşygy 14-nji iýulda geçiriler.
