Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynda saparda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy. Duşuşyga Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hem gatnaşdy.
“Watan” habarla gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Windzor galasynda geçirilen duşuşykda Patyşa Karl III türkmen halkynyň Milli Liderini aýratyn hormat bilen garşylady. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy.
Karl III 2015-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Çanakkale ýadygarlikler toplumynda geçirilen çäreleriň çäklerinde duşuşandygyny ýatlap, şol duşuşygyň özünde ýatdan çykmajak täsirler galdyrandygyny belledi.
Bu duşuşykda pikir alşylan ugurlar häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýygjamlaşdyrýar.
Patyşa Karl III türkmen halkynyň Milli Lideriniň dünýäde uly abraý gazanan meşhur syýasatşynas we Arkadag hökmünde tanalýandygyny aýdyp, halkara giňişliginde uly abraýyň eýesi blan lider bilen duşuşmagyň özi üçin belent mertebedigini belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Patyşa Karl III hormatly Prezidentimiziň iberen mähirli salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi.
Patyşa Karl III hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylda Beýik Britaniýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.
