BILIM

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti bilen duşuşdy

Tokioda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tokio daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň prezidenti Nobuo Haruna bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Baýramow hem-de Türkmenistanyň Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory N.Şyhlyýew gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem talyplar we mugallymlar bilen akademiki alyş-çalyş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem daşary ýurt dillerini öwrenmek we iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bilim maksatnamalaryny guramak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn üns berildi.

Taraplar bilelikdäki taslamalary we ylmy barlaglary durmuşa geçirmekde Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) tejribesini we mümkinçiliklerini öwrenmegiň möhümdigini hem bellediler.

Duşuşygyň netijeleri boýunça ynsanperwer we bilim ulgamlarynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

Ýene-de okaň

“Türkmenistanda agroinnowasiýa” atly ylmy-amaly elektron žurnaly dörediler

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri CDIO 2026 halkara maslahatyna gatnaşýar

Bilim ministrliginde Yrak Respublikasynyň wekili bilen duşuşyk geçirildi

Türkmen okuwçylary Niderlandlarda geçirilen robototehnika ýaryşynda üstünlik gazandylar

Türkmenistan bilen Finlýandiýanyň instituty ähtnama gol çekişdi

Türkmenistan bilen Pakistan bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdylar