Hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ylymly, giň dünýägaraýyşly hem-de bäsdeşlige ukyply şahsyýetler bolup kemala gelmegi ugrunda durmuşa geçirilýän özgertmeler halkara derejede mynasyp netijelerini berýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň tebigy zehinini ýüze çykarmak, olary ylmy gözleglere höweslendirmek hem-de halkara ders bäsleşiklerine yzygiderli taýýarlamak boýunça amala aşyrylýan işler dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilýän üstünlikler bilen şöhlelenýär.
Soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň agzalary Halkara himiýa olimpiadalarynda jemi 33 medala — 1 altyn, 12 kümüş we 20 bürünç medala mynasyp boldular. Bu guwandyryjy netijeler hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, zehin-başarnyklaryny açyp görkezmegi hem-de halkara derejede üstünlik gazanmagy üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda halkara ders olimpiadalarynyň ýeňijilerini döwlet derejesinde sarpalamak, olary medallar hem-de pul sowgatlary bilen sylaglamak asylly däbe öwrüldi. Şeýle ýokary derejeli üns-alada ýaşlary täze üstünliklere ruhlandyrýar, olaryň ylma we döredijilige bolan höwesini has-da artdyrýar.
Şeýle üstünlikleriň nobatdaky subutnamasy 2026-njy ýylyň 10–19-njy iýuly aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen 58-nji Halkara himiýa olimpiadasynyň jemlerinde aýdyň ýüze çykdy.
Dünýäniň 92 döwletinden 363 zehinli okuwçyny jemlän abraýly halkara bäsleşikde gatnaşyjylar himiýa boýunça nazary taýýarlyklaryny hem-de barlaghana tejribelerini ýerine ýetirmek ukyplaryny görkezdiler. Şeýle ýokary derejeli ylmy bäsleşikde Türkmenistanyň ýaşlarynyň üstünlikli çykyş etmegi milli bilim ulgamynyň halkara ölçeglere laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Türkmenistanyň adyndan bu olimpiada Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň topary gatnaşdy. Bäsleşigiň jemleri boýunça mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Ilmämmedow Pälwan kümüş medala, 12-nji synp okuwçylary Döwletow Diýar, Orunowa Aýlar hem-de Jumaýew Rüstem bolsa bürünç medallara mynasyp boldular.
Netijede, türkmen okuwçylary 1 kümüş we 3 bürünç medal gazanyp, ýurdumyzyň halkara himiýa olimpiadalaryndaky üstünlikleriniň üstüni nobatdaky gezek ýetirdiler.
