Ispaniýaly futbolçy 2023-nji ýylda “Mançester Siti” bilen UEFA Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy, 2024-nji ýylda bolsa “Altyn top” baýragyna mynasyp boldy.
Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Rodri dünýä çempionatyny, UEFA Çempionlar ligasyny we “Altyn top” baýragyny gazanan 11-nji futbolçy boldy. Ol bu üstünligi 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda ýeňiji bolandan soň gazandy.
2023-nji ýylda ispan futbolçysy Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň düzüminde UEFA Çempionlar ligasynda ýeňiji boldy. Bir ýyldan soň bolsa Ýewropa çempionatynda çempion bolup, “Altyn top” baýragyny aldy.
Rodriden öň bu üstünligi braziliýaly Riwaldo, Ronaldinýo, Kaka, germaniýaly Frans Bekkenbauer, Gerd Müller, fransiýaly Zinedin Zidan, Usman Dembele, iňlis Bobbi Çarlton, italiýaly Paolo Rossi we argentinaly Lionel Messi gazanypdy.
Rodri 30 ýaşynda. Ol 2019-njy ýyldan bäri “Mançester Siti” toparynda çykyş edýär. Şondan öň ol Ispaniýanyň “Atletiko” we “Wilýarreal” toparlarynda oýnady.
Rodri Angliýanyň dört gezek çempiony, Angliýanyň Liga kubogynyň üç gezek eýesi, Angliýanyň Kubogynyň iki gezek eýesi boldy. Şeýle hem ol UEFA Superkubogyny, Angliýanyň Superkubogyny we Klublaryň dünýä çempionatyny bir gezekden gazandy.
Ispaniýanyň milli ýygyndysy bilen bolsa 2022/23 möwsüminiň Milletler ligasynda ýeňiji boldy we 2021-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda bürünç medal gazandy.
