DÜNÝÄ

Tramp Hytaýda döwlet saparynda bolar

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp Hytaý Halk Respublikasynda döwlet saparynda bolar. Bu barada HHR-iň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Hytaýyň Daşary işler ministrligi ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň 13-15-nji maý aralygynda Hytaýa döwlet sapary bilen geljekdigini resmi taýdan tassyklady.

“Başlyk Si Szinpiniň çakylygy boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp 13-nji maýdan 15-nji maý aralygynda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrar” diýip, “Sinhua” agentligi Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň beýanatyna salgylanyp habar berdi.

Mundan ozal, amerikan tarapy Trampyň HHR-e saparynyň 14-15-nji maý günlerine meýilleşdirilendigini habar beripdi.

Bu ABŞ-nyň häzirki Prezidentiniň 2017-nji ýyldan bäri Hytaýa amala aşyrjak ilkinji sapary bolar.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Hytaýa sapary başlandy

Pekinde Russiýanyň, Hytaýyň we Mongoliýanyň ýolbaşçylarynyň üçtaraplaýyn duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Ilçisiniň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň ýolbaşçylary bilen duşuşygy geçirildi