Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäni tapgyrlaýyn esasda gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli resminama gol çekdi.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçeni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026-2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi.
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine guruljak täze döwrebap şäherçäniň baş meýilnamasyny 3 aý möhletde işläp düzmek, şäherçäniň binalarynyň we desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek üçin öz garamagynda gurulýan desgalaryň direksiýasyny bellenen möhletde döretmek tabşyryldy.
