DÜNÝÄ

Türkmenistan we Koreýa özara syýahaty ýönekeýleşdirmegiň mümkinçiligini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Koreýa Respublikasynyň Immigrasiýa gullugynyň Komissary jenap Ça Ýong-ho bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky migrasiýa we konsullyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy iki ýurduň raýatlarynyň birek-biregiň ýurtlaryna ygtybarly syýahat etmegi hem-de olaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygyny üpjün etmek boýunça teklipleri öňe sürdi.

Hususan-da, migrasiýa ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk esasyny kämilleşdirilmeginiň zerurdygyna koreý tarapynyň ünsi çekildi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar işjeň häsiýetde geçirilen bu gepleşikleriň dowam etdirilmeginiň iki döwletiň bähbitlerine we ýokary derejedäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna laýyk gelýändigini tassykladylar.

Related posts

Türkmenistanyň Yslamabatdaky Ilçihanasynda energetika hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Özbegistan bilen Azerbaýjan bilelikdäki maýa goýum gaznasyny döreder

Ata Watan Eserleri