BIZNES

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Türkmenistanyň önüm öndürijileri 12-17-nji maý aralygynda Kazan şäherinde geçiriljek «Kazan Halal Market» halkara söwda ýarmarkasyna gatnaşarlar. Bu giň gerimli çäre «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» XVII halkara ykdysady forumynyň çäklerinde guralýar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň bu giň gerimli foruma gatnaşjakdygy barada Tatarstan Respublikasynyň Maýa goýumlaryny ösdürmek agentliginiň ýolbaşçysy Taliýa Minullina «Tatar-inform» agentligine beren interwýusynda habar berdi.

«Kazan Halal Market» dünýäniň halal standartlaryna laýyk gelýän harytlary görkezmek üçin esasy meýdançalaryň biridir. Myhmanlara we hyzmatdaşlara azyk önümleri, kosmetika serişdeleri, geýimler, esbaplar we öý hojalyk harytlary hödürlener.

Ähli gatnaşyjylar üçin hökmany şert — hödürlenýän önümleriň ählisine resmi halal sertifikatynyň bolmagydyr. Bu bolsa önümleriň ýokary hiline we bellenen kadalara laýyklygyna kepil geçýär.

Garaşylýan sergi ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary berkitmekde möhüm waka bolar. Geçen ýyl bu çäre Russiýanyň dürli sebitlerinden 150-den gowrak kompaniýany, şeýle hem Türkmenistandan, Owganystandan, Pakistandan, Gazagystandan, Türkiýeden, Eýrandan we beýleki döwletlerden öndürijileri birleşdirdi.

Bu gezekki foruma gatnaşmagyň türkmen kärhanalaryna eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge we halkara bazarynda täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam etjekdigine garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirildi

Taryhy waka: «Aýdyň Gijeler» kompaniýasy Eswatini Patyşalygynda iki sany täze kärhanany gurýar

Türkmenistanyň söwda ministri Daşkent halkara maýa goýum forumynyň çärelerine gatnaşýar

«Aýdyň Gijeler» Özbegistanda önümçilik meýdançasyny döreder

Eýran sebit ýurtlary bilen söwda hyzmatdaşlygyny ýeňilleşdirmegi we ösdürmegi meýilleşdirýär