JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa gitdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş sapary başlandy. Hormatly Prezidentimiz “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” formatyndaky ilkinji sammite gatnaşmak üçin bu dostlukly ýurda iş saparyny amala aşyrýar. Bu barada “Watan” habarlar gepleşinde habar berildi.

Hormatly Prezidentimizi Aşgabadyň halkara howa menzilinden ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdy. Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklary hem ikitaraplaýyn hem-de “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogynyň çäginde üstünlikli ösdürilýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda gatnaşyklar babatynda aýdylanda, ýokary derejedäki saparlara uly ähmiýet berilýär.

Şu ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparyny amala aşyryp, “ESKPO-2025” Bütindünýä sergisine gatnaşypdy.

Bu gezek hormatly Prezidentimiz “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” Dialogynyň 20 ýyllygyny bellemek üçin Tokioda geçiriljek Sammite gatnaşmak üçin Ýaponiýa ýene-de sapar bilen barýar.

Bu ýylyň ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň, şol sanda häzirki wagtda ýapon kompaniýalary bilen Türkmenistanyň arasynda amala aşyrylýan köp sanly iri möçberli ykdysady taslamalaryň ösmegi üçin möhüm ýyl bolmagyna garaşylýar.

 

Related posts

Türkmenistan’da AB ve İrlanda Büyükelçileri Göreve Başladı

vepa

Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Fransiýa ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar