DÜNÝÄ

Türkmenistan-Ýaponiýa: suwuklandyrylan gazdan gelium gazyny öndürmek maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi A.Baýramowyň Türkmen-ýapon ylmy-tehnologik assosiasiýasynyň Prezidenti H.Koinuma hem-de bu assosiasiýa bilen bilelikde iş alyp barýan ýapon kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda ozaldan ýola goýlan ylmy-tehnologik hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak, şeýle hem bu ugurda türkmen bazaryna mümkin bolan täze ýapon kompaniýalaryny we guramalaryny tanyşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda «Tohkemy Corporation» ýapon kompaniýasy tarapyndan Türkmenistanda suw arassalaýyş tehnologiýalaryny hem-de enjamlaryny ornaşdyrmak boýunça meýilleşdirilýän işler barada pikir alşyldy. Mälim bolşy ýaly, «Tohkemy Corporation» kompaniýasy 2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa saparynyň çäklerinde gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama esasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen hyzmatdaş bolup durýar.

Mundan başga-da, duşuşykda tebigy gazy suwuklandyrylan gaza öwrüp dünýä bazarlaryna çykarmak, şeýle hem suwuklandyrylan gazdan gelium gazynyň önümçiligini ýola goýmak boýunça Ýaponiýanyň Çubu uniwersitetiniň professorynyň teklip eden taslamasynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň bilim ulgamynda adam maýasyny ösdürmekde Ýaponiýanyň «Asia Seed» guramasynyň hödürleýän hyzmatlarynyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Energoprom-2026» Kazan forumyna gatnaşdy

Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň ilçisi Malaýziýanyň oba hojalyk ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Russiýadaky Halkara ulag-logistika forumyna gatnaşýar

Türkmenistan Azerbaýjana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistan TDG-niň hökümet baştutanlarynyň mejlisine gatnaşdy