BILIM

TOHU-da «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi

2026-njy ýylyň 28-nji martynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde (TOHU) «XXI asyr marketing» atly açyk sapak geçirildi. Çärede çykyş eden hünärmen Elbek Hudaýarow häzirki zaman marketing ugurlarynyň ösüşi, täze tehnologiýalaryň täsiri hem-de sanly dünýäde netijeli iş alyp barmagyň usullary barada giňişleýin gürrüň berdi.

Açyk sapagyň dowamynda gatnaşyjylar marketingiň häzirki zaman tendensiýalary, hususan-da sanly marketing, sosial ulgamlaryň täsiri, brend dörediş strategiýalary hem-de müşderi bilen netijeli aragatnaşyk gurmagyň ýollary barada möhüm maglumatlary aldylar. Şeýle-de çykyşda täze bilimleri amaly taýdan ulanmagyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Çärä talyplar, ýaş telekeçiler hem-de marketing ugruna gyzyklanma bildirýän beýleki gatnaşyjylar işjeň gatnaşyp, özlerini gyzyklandyrýan sowallara jogap aldylar. Açyk sapak bilim alyşmak, tejribe paýlaşmak we täze pikirleri ösdürmek üçin netijeli meýdança boldy.

Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, «Ýaş telekeçiler» merkezi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkezi tarapyndan guraldy.

Guramaçylar şeýle çäreleriň ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda, olaryň döwrebap pikirlenişini ösdürmekde hem-de telekeçilik ukyplaryny kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.

 

Ýene-de okaň

HNGU-da «Eksport – global bazarlaryň gapysy» atly açyk sapak geçirildi

Türkmenistanyň we Russiýanyň ýokary okuw mekdepleri hyzmatdaş boldular

Aşgabatda Lu Ban ussahanasyny açmak boýunça iş maslahaty geçirildi

Türkmen mugallymy Hytaýda türkmen dili dersi boýunça talyplara bilim berýär

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň intellektual eýeçilik ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy tassyklanyldy