JEMGYÝET

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Kanat Bozumbayewiň başlyklyk etmeginde Astanada Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň mejlisi boldy.

Mejlise Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Sulaýmon Ziýozoda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň geňeşçisi Şuhrat Ganiýew, Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeleri we suwaryş ministri Nuržan Nuržigitow we AHHG-niň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Ashat Orazbaý gatnaşdylar. Gyrgyz Respublikasyna synçy derejesi berildi, onuň wekiliýetine Suw serişdeleri gullugynyň direktory Almaz Žeenaliýew ýolbaşçylyk etdi.

Bu mejlisiň aýratyn ähmiýeti bar. Ol Gazagystanyň AHHG-däki başlyklygynyň tamamlaýjy döwründe geçirilýär we Gaznany esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine taýýarlygyň möhüm tapgyry bolup durýar.

 

Gepleşikleriň netijesinde bäş sany bilelikdäki çözgüde gol çekildi. 2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astanada geçiriljek Gaznany esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine taýýarlyk görmek, Ýerine ýetiriji komitetiň hasabat döwründäki işiniň netijeleri we Gaznanyň guramaçylyk düzümini hem-de şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça çözgütler kabul edildi.

Şeýle-de, Syrderýa derýasynyň basseýninde suw serişdelerini hasaba almagyň, monitoringiniň we paýlanyşynyň bitewi awtomatlaşdyrylan ulgamyny ornaşdyrmak baradaky Iş meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamak hem-de 2026–2036-njy ýyllary «Merkezi Aziýada suwdan netijeli peýdalanmak boýunça amaly ädimleriň onýyllygy» diýlip yglan etmek baradaky meseleler garaldy.

Ýene-de okaň

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Aziýa Kubogy–2027: ertir Türkmenistan Tailand bilen duşuşar.

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygy

Jalpa Ratna: ÝUNISEF Türkmenistanyň haýyr-sahawat gazna bilen hyzmatdaşlygyny berkider

Ata Watan Eserleri