BILIM

Türkmenistan halkara matematika olimpiadasynda 211 medal gazandy

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde VI Açyk halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Şu ýyl bu halkara olimpiada 9 döwletiň wekilleri gatnaşdylar.

4-5 gün dowam eden halkara olimpiadanyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

OMOUS-2026-nyň netijelerine laýyklykda şahsy bäsleşik boýunça jemi 156 medal, ýagny A dereje boýunça 32 altyn, 45 kümüş, 79 bürünç; B derejede bolsa jemi 182 medal, olar 33 altyn, 49 kümüş, 100 bürünç. Şeýle-de, toparlaýyn bäsleşikde jemi 34 medal, 6 altyn, 12 kümüş, 16 bürünç medallary gazandylar.

Netijeler boýunça Türkmen talyplarynyň aýratyn tapawutlanandygyny bellemek zerur. Türkmen ýaşlarymyz A dereje boýunça jemi 78 medal, olardan 15 altyn, 30 kümüş, 33 bürünç; B dereje boýunça bolsa, jemi 120 medal 18 altyn, 39 kümüş, 63 bürünç medal gazandylar. Toparlaýyn bäsleşikde jemi 13 medal 2 altyn, 5 kümüş, 6 bürünç medallar gazanyldy.

Türkmenistan döwletinden soňra iň köp ýeňiji bolanlar Özbegistandan gelen wekiliýetlerdir. Doganlyk döwletiň talyplary şahsy bäsleşik boýunça jemi 103 medal, A dereje boýunça 3 altyn, 7 kümüş, 41 bürünç medalyň, B dereje boýunça bolsa, 10 altyn, 9 kümüş, 33 bürünç medalyň eýelediler. Toparlaýyn bäsleşik boýunça Özbegistanyň 39 topary jemi 10 medal, 3 kümüş, 7 bürünç medal gazandylar. Soňra Russiýa Federasiýasynyň talyplary şahsy bäsleşik boýunça 30 medalyň, olardan A dereje boýunça 13 altyn, 8 kümüş, 5 bürünç medala, B dereje boýunça bolsa 1 altyn, 1 kümüş, 2 bürünç meadala mynasyp boldular. Toparlaýyn bäleşik boýunça bolsa, 9 topardan jemi 7 medal, 4 altyn, 2 kümüş, 1 bürünç medaly eýelediler.

Mundan başga-da, Täjigistan döwletiniň wekiliýetinden şahsy bäleşikde A dereje boýunça 1 altyn medal, toparlaýyn bäsleşikde bolsa 1 bürünç medal gazandy. Şahsy gatnaşyk boýunça bäsleşikde B dereje boýunça Gresiýa, Gollandiýa, Germaniýa we Wengriýa döwletleriniň talyplary 1 altyn medala mynasyp boldular. Şol sanda, toparlaýyn bäsleşikde Gresiýa we Gollandiýa döwletiniň wekilleri 1 kümüş medal gazandylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň we Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetleri şahsy bäsleşik boýunça 1 bürünç medaleýelediler. Şeýle-de, Eýranyň wekiliýeti toparlaýyn bäsleşikde 1 bürünç medala mynasyp boldy.

Baýrakly orunlara mynasyp bolýan talyplar we olaryň professor-mugallymlary münberde özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.

Ýene-de okaň

Abdulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli goşgy okamak bäsleşigi geçirildi

«Soňky jaň» dabaralary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglandy

Bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk Türkmenistanda geçirilen forumyň üns merkezinde boldy

Türkmenistan we Belarus lukmançylyk uniwersitetleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar