TEHNOLOGIÝA

Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň başlygy boldy

22-nji martda Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko Ýu. A. Gagarin adyndaky Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň (KTM) direktory wezipesine bellenilendigi mälim boldy. Bu barada “Roskosmosyň” baş direktory Dmitriý Bakanow habar berdi.

“Wajyp hünärmen çözgüdini hödürlemäge şatdyryn. Biziň meşhur kosmonawtymyz, Russiýanyň Gahrymany, Halkara kosmos stansiýasynda 1111 gün bolup rekord goýan Oleg Dmitriýewiç Kononenko Kosmonawtlary taýýarlaýyş merkeziniň direktory wezipesine bellenildi” diýip, ol döwlet korporasiýasynyň metbugat gullugy tarapyndan ýekşenbe güni ýaýradylan wideoýüzlenmesinde habar berdi.

Kononenko öz gezeginde KTM-niň ileri tutulýan wezipesiniň kosmonawtlary Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) uçuşa taýýarlamak boljakdygyny belledi. Şeýle-de ol: “Indiki wajyp wezipe bolsa — Merkeziň özüni täze Russiýa orbital stansiýasyna taýýarlamakdyr” diýip goşdy.

Oleg Kononenko barada gysgaça maglumat:
10-njy noýabr 2025-nji ýyldan bäri: KTM-niň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bolup işleýär.

4-nji fewral 2024-nji ýyl: Kosmos uçuşlarynyň umumy dowamlylygy boýunça watandaşy Gennadiý Padalkanyň rekordyny (878 gün 11 sagat) täzeledi.

5-nji iýun 2024-nji ýyl: Dünýäde ilkinji bolup kosmosda umumy bolan wagtyny 1000 güne ýetirdi.

Halkara kosmos stansiýasynda iň uzak uçuş: 2023-nji ýylyň sentýabryndan 2024-nji ýylyň sentýabryna çenli dowam edip, jemi 374 güne deň boldy.

Ýene-de okaň

Indoneziýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etdi

“Apple” kompaniýasy “iPhone 17e” modelini tanyşdyrdy

Aşgabatdan Mary we Baýramala gidýän awtobuslar Awtokombinatdan ugraýar

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Türkmenistanly hukukçy “Lex Lawyer Now” sanly platformasyny döretdi

Ata Watan Eserleri

Sosial media endikligi boýunça uly kazyýet işlerine başlanýar