TEHNOLOGIÝA

“Sony”-den Ýewropa üçin arzan telefon

“Sony” kompaniýasy Ýewropada “Sony Xperia L4” telefonynyň satuwyna başlady. Täze telefon daş keşbi boýunça geçen ýyl satuwa çykarylan “Sony Xperia1” telefonyna meňzeşdir.

“Sony Xperia L4” telefony bahasynyň arzanlygy bilen tapawutlanýar. Ol Ýewropada 200 dollardan satylar. “HD +” durulygy we 21: 9 gatnaşygy bolan 6.2 dýuým LCD ekrany bilen enjamlaşdyrylan telefon 64 gigabaýt ýady bilen köpleriň ünsüni çekmegi mümkin.

Bu telefonynyň batareýasynyň kuwwaty 3300-den 3580 mAh-a deňdir.

Related posts

“Google I / O” konferensiýasy

Gazagystan bilen Hytaý Aýda stansiýa gurar

“Jeýms Webb” kosmos teleskopynyň Gün galkany doly açyldy

Ata Watan Eserleri